Günorta Akym taslamasy resmi taýdan bes edildi

Aleksandr Nowak Günorta Akym tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň resmi taýdan bes edilendigini ÝB-ne bildirendiklerini aýtdy

146508
Günorta Akym  taslamasy resmi taýdan bes edildi

Günorta Akym tebigy gaz taslamasy resmi taýdan bes edildi.
Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak Günorta Akym tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň resmi taýdanbes edilendigini ÝB-ne bildirendiklerini aýtdy.
Russiýanyň Energetika ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, Nowak Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maros Sefçowiç bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Nowak telefon söhbetdeşliginde Günorta Akym turba geçirijisiniň gurluşygynyň bes edilendigi barada maglumat berdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 1-nji dekabrda Türkiýä guran resmi saparynyň çäginde  Bolgariýanyň üsti bilen Ýewropa gazyň akdyrylmagy meýilleşdirlen Günorta Akym taslamasynyň bes ediljekdigini habar beripdi.
Şol gün Gazpromyň başlygy Alekseý Miller Günorta Akymyň ýerine Türkiýäniň üsti bilen täze turba geçirijisiniň çekiljekdigini aýan etdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar