TürkiýeÝewropa we OECD-ä agza ýurtlaryň arasynda birinji orny eýeleýär

Ali Babajan bilen Nihat Zeýbekçi Türkiýäniň ösüş depgini barada maglumat berdi

172123
TürkiýeÝewropa we OECD-ä agza ýurtlaryň arasynda birinji orny eýeleýär

Türkiýe ösüş depgini bilen Ýewropa we OECD-ä agza ýurtlaryň arasynda birinji orny eýeleýär.
Wise-premýer Ali Babajan İzmir şäherinde, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi bolsa Samsun şäherinde Türkiýäniň ösüş depgini barada maglumat berdi.
Wise-premýer Ali Babajan Adalat we ösüş partiýasynyň İzmir welaýat geňeşinde eden çykyşynda Türkiýäniň käbir kynçylyklara garamazdan ösüş depgini taýdan Ýewropa birinjisi bolandygyny aýtdy.
Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi bolsa Adalat we ösüş partiýasynyň Samsun welaýat geňeşinde eden çykyşynda Türkiýäniň soňky 12 ýylda eden öňe gidişligi barada maglumat berdi.
Ministr Zeýbekçi “Türkiýäniň ösüş depgini 12 ýylda 5,1 göterim ýokarlady. Şeýlelikde dünýäde çalt depginde ösýän 5 ýurtdan biri boldyk. OECD-ä agza 46 ýurduň hatarynda bolsa birinji orny eýeledik” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar