Türkiýe we Gürjistan eneretika pudagynda möhüm hyzmatdaşlyk eder

Ahyska etrabynda gurulan gidroelektrik beket Türkiýe we Gürjistan üçin elektrik toguny öndürer

154311
Türkiýe we Gürjistan eneretika pudagynda möhüm hyzmatdaşlyk eder

Türki telekeçileri tarapyndan gurlan gidroelektrik beket iki ýurt üçin energetika öndürer. Türkiýe öndürilen toguň ¾ bölegini sarp eder.
Desganyň açylyş dabarasyna Gürjistanyň Premýer ministri İrakli Garibaşwili, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz, Gürjistanyň energetika ministri Kakha Kaladze we köp sanly ýokary derejeli işgärler gatnaşdy.
Gymmaty 185 million dollara barabar bolan desganyň öndürjek togy 100 hassahanyň we 50 fabrigiň elektrik islegini kanagatlandyrmaga ýeter.
Parawani gidroelektrik bekedi ýylda ortaça 410 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürer we 160 müňe golaý adamyň elektrik islegini kanagatlandyrar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar