Zeýbekji: "Ykdysady durnuklylyk, ykdysady ösüş bilen dowam eder"

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbeýji öňde goýlan maksatlar barada beýanat berdi

109149
Zeýbekji: "Ykdysady durnuklylyk, ykdysady ösüş bilen dowam eder"

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Türkiýäniň ýokary tehnologiýanyň eksportyna esaslanýan ösüş, iş üpjünçiligi we maýa goýumlar bilen 2023-nji ýyla çenli döwür üçin öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçiriljekdeigini aýtdy.
Nihat Zeýbekji Denizli welaýatynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berýärkä önümçilikde tehnologiýanyň paýyny 4 göterimden 15 göterime ýetirmegi maksat edinýändiklerine ünsi çekdi.
Türkiýäniň täze garaýyş bilen täsirli we netijeli ykdysady gurluşyň tarapynda durjakdygyny nygtan Zeýbekji, indi sarp ediş endigini kesgitleýän, sarp ediş ulgamlaryna gözegçilik edýän, birsydyrgyn çig mal we energiýa serişdelerini kepillendirýän düşünjä laýyklykda hereket etjekdiklerini aýtdy.
Zeýbekji geljek 10 ýyllyk döwürde sagdyn we durnukly ykdysady modeli ähli taraplaýyn ornaşdyrmaga synanşjakdyklaryna ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar