Türkiýe "Aşa baýlaryň" sanawynda 12-nji ýerde durýar

Sanawynda ilkinji ýeri 4 müň 754 baý adam bilen ABŞ eýeledi

90912
Türkiýe "Aşa baýlaryň" sanawynda 12-nji ýerde durýar

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Boston Konsulting firmasy ýurtlaryň millionerleriniň we milýarderleriniň sany bilen baglanşykly “2014 global baýlyk habarnamasyny” çap etdi.
Habarnama görä dünýäniň elmagy 100 million dollardan geçýän iň baý adamlary sanawynda ilkinji ýeri 4 müň 754 baý adam bilen ABŞ eýeledi.
İkinji ýeri 1044 baý adamy bilen Britaniýa eýeledi.
Sanawda 983 baý adamy bilen Hytaý üçünji ýeri, 881 baý adamy bilen bolsa Germaniýa dördünji ýeri eýeledi.
Ady agzalýan sanawda Türkiýe 288 baý adamy bilen 12-nji ýeri eýeledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar