Türkiýe Pakistana Gynanç Bildirdi
Pakistanda 13-nji aprelde başlan ýagyş we ýyldyrym çakmagy sebäpli 63 adam ýogalypdy.
Türkiýe, Pakistanyň Penjap, Buluçistan we Haýber Pahtunhwa sebitlerinde bolan sil apatynda ýogalanlar üçin pakistanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Pakistanyň Penjap, Buluçistan we Haýber Pahtunhwa sebitlerinde başdan geçirlen sil apatynda ýogalanlara uly gynanç bildirilýandygy nygtalyp “Apatda ýogalanlara Alladan rehnet, doganlyk ýurt pakistanyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.
Pakistanyň Penjap, Buluçistan we Haýber Pahtunhwa sebitlerinde 13-nji aprelde başlan ýagyş we ýyldyrym çakmagy sebäpli 63 adam ýogalypdy.
Aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apatynda instruktura uly zeper ýetirildi.
Degişli Habarlar
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder