Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde soňky 1 hepdede geçiren operasiýalarynda, aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görendigi anyklanan 15 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi
![Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/8666/ebc6/c8ba/65b8becb2fcd8.jpg?time=1722046216)
Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Milli Howpsuzlyk gullugy Türkiyäniň Ýaragly güýçlerine degişli serhet we harby birikmelerine garşy aksiýa geçirmek maksady bilen taýarlyk gören terror toparyny anyklady.
Şol sebäpli soňky 1 hepdede geçirilen operasiýalarda aralarynda guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bolan 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Beýleki tarapdan bolsa Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky PKK/ÝPG-a agza terrorçylara garşy operasiýasyny dowam etdirýär. Zeýtun Şahajygy sebitinde anyklanan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.