Türkiyäniň Pekindäki ilçisi Hytaý halkyny Täze ýyly bilen gutlady

Ilçi Musa gutlag ýüzlenmesini "Hemmäňiziň täze ýylyňyz gutly bolsun" diýip tamamlady

2079735
Türkiyäniň Pekindäki ilçisi Hytaý halkyny Täze ýyly bilen gutlady

Türkiyäniň Pekin şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismail Hakky Musa halk şahyry Ýunus Emräniň "Geliň tanyş bolalyň" şygryndaky setirler bilen Hytaý halkyny täze ýyly bilen gutlady. 

Türkiyäniň Pekin şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismail Hakky Musanyň Täze ýyl gutlagy iňlis dilinde ýaýlyma berilýän CGTN telewideniýe kanalynda we web saýtynda çap edildi. 

Musa gutlag hatynda "Geliň tanyş bolalyň, Işi ýeňilleşdireliň, Söýeliň söýüleliň, Dünýä hiç kime galmaz" setirlerini türk, iňlis we hytaý dillerinde okady. 

Musa hatynda Türkiye bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1971-nji ýylda ýola goýulandygyny, emma iki ýurduň gatnaşyklarynyň geçmişiniň uzak ýyllara daýanýandygyny belläp: "15-nji we 16-njy asyrlardaky dünýä kartlaryny göz öňümize getireliň. Näçe sany ýurt sanap bilersiňiz? Bu umumy taryhymyzy, Türk-Hytaý gatnaşyklarynyň manysyna göz ýetirmek taýdan örän möhüm bir ugurdyr" diýip nygtady. 

Ilçi Musa gutlag ýüzlenmesini "Hemmäňiziň täze ýylyňyz gutly bolsun" diýip tamamlady. 


Etiketkalar: #gutlag , #ilçi , #Täze ýyl , #Hytaý

Degişli Habarlar