Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi

Milli howpsuzlyk geňeşi Ysraýylyň Gazada eden we taryha gara bir tegmil hökmünde ýazylan adamzada garşy jenaýatlaryň netijelerine iru-giç duçar boljakdygyny beýan etdi

2070784
Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň kompleksinde geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň bildiriş çap edildi. 

Kommunikasiýalar edarasyndan çap edilen bildirişde, PKK/KJK-PÝD/ÝPG, FETÖ we DAIŞ terror guramalary başda bolmak bilen milli jebislik we agzybirlik bilen birlige garşy her dürli wehime we howpa garşy ýurduň öz içinde we daşary ýurtda erjellik, tutanýerlilik we üstünlik bilen geçirilýän operasiýalar barada geňeşe maglumat berilendigi habar berildi. 

Ysraýylyň Gaza sektorynda 7-nji oktýabrdan bäri takmynan 16 müň palestinalynyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümleriň üstünde durulyp geçilen bildirişde: Ysraýylyň Gazada eden we taryha gara bir tegmil hökmünde ýazylan adamzada garşy jenaýatlaryň netijelerine iru-giç duçar bolar. Bigünä asuda ilaty köpçülikleýin ýok etmek üçin guralýan hüjümleriň we Gazanyň topraklarynyň basyp alynşygynyň dessine duruzylmagynyň halkara jemgyýetiň umumy jogapkärçiligidigi we Türkiyäniň bu babatda her dürli başlangyçlar etmäge dowam etjekdigi bellendi. 

Bildirişe görä maslahatda Yrak bilen hyzmatdaşlyk, Kerkükde başdan geçirilen soňky hadysalar bilen türkmen kowumdaşlaryň ýagdaýy, Azerbaýjan-Ermenistan gepleşikleriniň hemişelik parahatçylyk ylalaşygy bilen netijelenmegi, Russiýa-Ukraina söweşiniň sebit we dünýä syýasatyna täsiri hem ara alynyp maslahatlaşylan ugurlar boldy. 



Degişli Habarlar