Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2061083
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde anyklanan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçynyň Türkiyäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Beýanatda operasiýalaryň tiz depginler bilen dowam edýändigi mälim edildi. 

Kars welaýatynyň Kagyzman etrabynda hem ekstremist terror guramasy PKK-a garşy howanyň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 5 gaçybatalga ýok edildi.  


Etiketkalar: #Siriýa , #operasiýa , #Kars

Degişli Habarlar