Prezident Erdogan BMG-nyň Pile ýoly taslamasy bilen bagly hereketine reaksiýa bildirdi

Prezident Erdogan düýn paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi

2027659
Prezident Erdogan BMG-nyň Pile ýoly taslamasy bilen bagly hereketine reaksiýa bildirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan BMG-nyň Parahatçylyk güýjüne degişli esgerleriň DKTR-nyň territoriýasynyň çägindäki topraklara garşy fiziki güýç ulanmagynyň Türkiye tarapyndan asla kabul edilip bilinjek bir ýagdaý däldigini habar berdi. 

Prezident Erdogan düýn paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi. 

BMG-nyň Parahatçylyk güýjüne degişli esgerleriň ynsanperwer zerurlyklaryň çözgüdine goşant goşjak Pile ýoly taslamasyna päsgel bermegi bilen bagly Prezident Erdogan: "Geçen hepdäniň anna güni BMG-nyň Parahatçylyk güýjüne degişli esgerleriň DKTR-nyň territoriýasynyň çägindäki topraklara garşy fiziki güýç ulanmagynyň Türkiye tarapyndan asla kabul edilip bilinjek bir ýagdaý däl" diýip nygtady. 

Pile obasynda ýaşaýan kiprli türkleriň öz watan topraklaryna barmagyna päsgel berilmeginiň hukuk we ynsanperwer taýdan dogry bolmandygyny aýdan Erdogan: "Parahatçylyk güýji hem obanyň ýaşaýjylaryna garşy fiziki güýç ulanmagy hem-de şol hereketinden soň beren beýanatlary bilen bitaraplyk ýörelgesine zeper ýetirdi, şonsuz hem ýaraly bolan abraýyna has hem zyýan ýetirdi. Halkara hukuka bap gelmeýän şol çemeleşmeler sebäpli sebitdäki ýagdaý has hem dartgynlaşdy. Goňşylarymyz bilen gatnaşyklarymyzy ikitaraplaýyn häsýetde güýçlendirmek we aramyzdaky meseleleri aýyrmaga synanyşýan bir döwürde edilen bu hereketi çürt-kesik ýagşy niýet hökmünde teswirlemeýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar