Hakan Fidan Polşa sapar gurar

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiye-Polşa-Rumyniýa Üçtaraplaýyn Hyzmatdaşlyk Tapgyrynyň Daşary işler ministrleriniň sammitiniň çäginde ertir Polşa sapar gurar

2155700
Hakan Fidan Polşa sapar gurar

Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde 26-njy iýunda geçiriljek maslahatda, üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi üçin edilip bilinjek ädimler, 9-11-nji iýul aralygynda ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde geçiriljek NATO agza döwletleriň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitiniň taýarlyklary bilen Alýansyň serhetleriniň daşyndaky howpsuzlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşylar. 

Maslahatda mundan başgada Russiýa-Ukraina uruşy bilen Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri barada pikir alyşlylmagyna garaşylýar. 

Üç ýurduň arasyndaky "syýasy-harby" geňeşmeler mehanizmi 2012-nji ýylda Rumyniýanyň teklibi bilen ýola goýulypdy we daşary işler ministrler derejesindäki ilkinji geňeşmeler 2016-njy ýylda Warşawa şäherinde geçirilipdi. 

Üçtaraplaýyn Daşary işler ministrleriň soňky maslahaty 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkiyede geçirilipdi. 



Degişli Habarlar