Türkiye Kuweýde Baýraktar TB2 satar

Kuweýt bilen Baýkar kärhanasynyň arasyndaky milli ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-niň eksport ylalaşyk tapgyry üstünlikli tamamlandy

1999313
Türkiye Kuweýde Baýraktar TB2 satar

Baýkar kärhanasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Kuweýt döwleti bilen milli uçarmansyz howa ulagy #BaýraktarTB2-niň eksporty bilen bagly alyp baran ylalaşyk tapgyryny üstünlikli tamamladyk. ABŞ-nyň, Ýewropanyň we Hytaýyň kärhanalarynyň gatnaşan bäsdeşlige esasly tapgyryň ýeňijisi bolan milli uçarmansyz howa ulagy #BaýraktarTB2, 2019-njy ýylda çöl şertlerinde howada 27 sagat 3 minut galyp iň uzak möhletli uçuş rekordyny goýan Kuweýdiň howa giňişliginde iş alyp barar" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan Kuweýdiň Döwlet Aragatnaşyk ofisiniň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, ady agzalan ylalaşygyň 367 million dollar gymmadynda boljakdygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar