Daşary Ýurtlardaky Türk Saýlawçylary Ses Bermäge Dowam Edýär

Häzire çenli 1 million 500 mün 26 saýlawçy ses berdi.

1989520
Daşary Ýurtlardaky Türk Saýlawçylary Ses Bermäge Dowam Edýär

Türkiýede 28-nji maýda geçiriljek Prezident saýlawynyň ikinji tapgyry üçin daşary ýurtlarda ýaşaýan we bellige alynan saýlawçylar ses bermäge dowam edýär.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary 73 ýurtda we Türkiýäniň 156 saýlaw merkezinde we gümrük geçelgelerinde şenbe gününden bäri ses bermäge dowam edýär.

Ýokary saýlaw geňeşinden berlen maglumata görä, häzire çenli 1 million 500 mün 26 saýlawçy ses berdi.

Daşary ýurtlarda bellige alynan saýlawçylar 20-njy maýda ses bermage başlapdy we 24-nji maýa çenli ses bermäge dowam eder.

Gümrük geçelgelerinde bolsa ses berilşik 28-nji maýa Türkiýe wagty bilen 17.00-a çenli dowam eder.



Degişli Habarlar