Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-li 5 terrorçy bilen Yragyň demirgazygyndaky Gara etrapçasynda we “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ýerleri anyklanylan 5 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda “Terrorçylara ýol berilmez. Gahryman Türk ýaragly güýçlerimiz Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-li 5 terrorçy bilen Yragyň demirgazygyndaky Gara etrapçasynda we “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ýerleri anyklanylan 5 PKK terrorçysyny täsirsiz ýagdaýa getirdi”diýildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Moskwa Bardy
Numan Kurtulmuşyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.