Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Sofi” lakamly terrorçy Mehmet Ýyldyrym täsirsiz ýagdaýa getirildi

2144022
Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Diýarbakyryň Lije etrabynda alnyp barylýan “Bozdogan-40” operasiýasynda çal sanawda gözlenýän “Sofi” lakamly terrorçy Mehmet Ýyldyrymyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Ministr Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda, Diýarbakyrda terror guramasyna garşy Içeri işler ministrligi we Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan alnyp barylýan operasiýa hakynda maglumat berdi.

Howpsuzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda çaknyşygyň bolandygyny aýdan Ýerlikaýa, Içeri işler ministrligi tarapyndan çal sanawda gözlenýän Sofi” lakamly terrorçy Mehmet Ýyldyrymyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Ýerlikaýa, terrorçy Ýyldyrymyň 6 hüjüme gatnaşandygynyň anyklanylandygyny belledi.

Ýerlikaýa “Terrora we ýaranlaryna garşy yzygiderli operasiýalar dowam eder”diýip belledi.



Degişli Habarlar