Mewlüt Çawuşogly Russiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly bilen Lawrow telefon söhbetdeşliginde galla geçelgesi hakynda pikir alyşdy.

1900782
Mewlüt Çawuşogly Russiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministrlikden berlen beýannama görä, Çawuşogly bilen Lawrow telefon söhbetdeşliginde galla geçelgesi hakynda pikir alyşdy.

Halkara azyk krizisiniň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýäniň tagallasy netijesinde 22-nji iýulda Stambul şäherinde Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Ukrainanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we BMG-nyň arasynda galla geçelgesi ylalaşygyna gol çekişilipdi.

Russiýa 29-njy oktýabrda ukrain gallasynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmeginde uly rol oýnan galla geçelgesi ylalaşygyny saklandygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar