Türkiyä gelen finlýandiýaly wekiliýet bilen gepleşikler geçirilýär

Türkiyä gelen Finlýandiýanyň wekiliýeti, Türkiyäniň Adalat ministrliginiň resmileri bilen gepleşikler geçirýär

1897344
Türkiyä gelen finlýandiýaly wekiliýet bilen gepleşikler geçirilýär

Şwesiýa bilen birlikde NATO agza bolmak üçin ýüz tutan we 28-nji iýunda NATO sammitiniň geçirilen ýeri bolan Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde terror guramalaryna garşy Türkiye bilen hyzmatdaşlyk etjekdigi barada wada berip, Üçtaraplaýyn ylalaşyk resminamasyna gol goýan Finlýandiýa, Türkiyäniň paýtagty Ankara şäherine wekiliýet ugratdy. 

Finlýandiýanyň Adalat ministrliginiň resmileri bilen Türkiyäniň Adalat ministrliginiň resmileriniň arasyndaky gepleşikler şu gün irden başlady. 

Gepleşiklere Türkiyäniň Adalat ministrliginiň wekiliýetine Daşary gatnaşyklar we Türkiyäniň Ýewropa Bileleşigi işleri boýunça Baş müdüri Kasym Çiçek ýolbaşçylyk edýär.



Degişli Habarlar