Türkiye BMG-da Russiýa bilen bagly möhüm karar taslamasynyň hödürleýijisi bolar

Sinirliogly: "Ukrainanyň territoriýasynyň anneksiýa karary, parahatçylyk bilen bagly umytlara ýa-adandan howp ýetirer. Russiýa şol kararyndan ýüz öwürmäge we diplomatiýa gaýdyp gelmäge çagyrýarys" diýip belledi

1891279
Türkiye BMG-da Russiýa bilen bagly möhüm karar taslamasynyň hödürleýijisi bolar

Türkiyäniň BMG-daky Hemişelik wekili Feridun Sinirliogly, Türkiyäniň BMG-nyň Baş Assambleýasynda sese goýuljak "Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndakky bikanun referendumlaryny we anneksiýasyny ýazgarýan" karar taslamasynyň hödürleýijileriniň biri boljakdygyny habar berdi. 

BMG-nyň Baş Assambleýasy, Russiýanyň geçen hepde Howpsuzlyk geňeşinde, Ukrainanyň gündogaryndaky bikanun referendumlary we anneksiýany ýazgarýan karary weto etmeginden soň ýörite maslahat geçirdi. 

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýaňadandan maslahat geçirendigini aýdan Feridun Sinirliogly: "Bütin dünýä söweşiň bes edilmegi üçin çagyryş berýän mahaly, düýn irden ýene-de bir gezek elhenç habar bilen oýandyk. Russiýanyň Ukrainanyň ençeme şäherine garşy guran hüjümlerinde asuda halkyň wepat bolmagyna sebäp bolan hüjümleri, örän aladalandyryjy we kabul edilmesizdir. Şol habarlardan soň Ukrainanyň territorial bütewiligine, garaşsyzlygyna we özygtyýarlylygyna berýän güýçli goldawymyzy ýene-de bir gezek gaýtalap geçýäris" diýip mälim etdi. 

Türkiýäniň Russiýanyň Donetsk, Lugansk, Herson we Zaparožýe sebitlerindäki bikanun referendumlaryny kabul etmeýändigini aýdan Sinirliogly, şol ädimiň halkara hukugyň çürt-kesik düzgün bozmasydygyny beýan etdi. 

Feridun Sinirliogly: "Ukrainanyň territoriýasynyň anneksiýa karary, parahatçylyk bilen bagly umytlara ýa-adandan howp ýetirer. Russiýa şol kararyndan ýüz öwürmäge we diplomatiýa gaýdyp gelmäge çagyrýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar