“Halkymyzy Terror Belsyndan Halas Etmekde Egilşik Etmeris”
“Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
![“Halkymyzy Terror Belsyndan Halas Etmekde Egilşik Etmeris”](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/2f92/5cd4/e636/61bda35f5b342.jpg?time=1719302141)
Yragyň demirgazygynda alnyp barylýan “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda “Terrory dolulygyna ýok etmekde, halkymyzy bu beladan halas etmekde egilşik etmeris. Yragyň demirgazygynda alnyp barylýan “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi”diýildi.
Beýannamada, soňky terrorçy ýok edilýänçä operasiýalaryň dowam etjekdigi nygtaldy.
Beýleki tarapdan Milli howpsyzlyk gullugy, Stambulyň Güngören etrabynda 2008-nji ýylda guralan bombaly hüjümiň jogapkärlerinden, ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzasy Rüstem lakamaly Nüsret Tebişi Siriýada täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Degişli Habarlar
![Daşary Işler Ministri Fidan Çeh Kärdeşi Bilen Duşuşar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/f3a7/fb54/52ee/664f442c1ccb4.jpg?time=1719302142)
Daşary Işler Ministri Fidan Çeh Kärdeşi Bilen Duşuşar
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara ara alnyp maslahatlaşylar.