Içeri işler ministri terrora garşy göreş bilen bagly beýannama berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, çal kategoriýadaky 1 terrorçynyň ekstremist terror guramasy PKK-dan gaçyp howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini mälim etdi

1835894
Içeri işler ministri terrora garşy göreş bilen bagly beýannama berdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu sosial media hasabyndan beren beýanatynda, çal kategoriýadaky terrorçynyň, düýn günortan maşgalasynyň hem eden tagallalary bilen terror guramasynyň hataryndan gaçyp, howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini habar berdi. 

Şeýlelik bilen soňky bir hepdede guramanyň hataryndan gaçyp howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 2-ä ýetdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Şyrnak welaýatynda 585 howpsuzlyk gullukçysynyň gatnaşmagynda başladylan "Eren Gabaw-14" operasiýasynyň ilkinji gününde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurdyň gün tertibinden çykarmak we sebitde bardygy çaklanylýan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Şyrnak welaýatynda "Eren Gabaw-14 Şehit Žandarma Ismail Jan Akdeniz 2022-3" atly operasiýanyň başladylandygy habar berildi. 

Operasiýanyň ilkinji gününde ekstremist terror guramasyna agza 3 terrorç täsirsiz ýagdaýa getirildi, köp mukdarda ok-däri we gündelik ýaşaýyş üçin azyk ele salyndy. 



Degişli Habarlar