Mewlüt Çawuşogly Fransuz Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly, Fransiýanyň Daşary işler ministri Ýekaterine Kolonnany täze wezipesi bilen gutlady.

1834441
Mewlüt Çawuşogly Fransuz Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Fransiýanyň Daşary işler ministri Ýekaterine Kolonnany täze wezipesi bilen gutlady.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Fransiýanyň Daşary işler ministri Ýekaterine Kolonna bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Mewlüt Çawuşogly telefon söhbetdeşliginde kärdeşini täze wezipesi bilen gutlap rowaçlyk arzuw etdi” diýildi.

Beýannamada, iki kärdeşiň telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşandygy ýatladyldy.

Fransiýada 20-njy maýda Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetde Ýewropa we Daşary işler ministrli hökmünde Fransiýanyň Britaniýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýekaterine Kolonnana bellenipdi.

 



Degişli Habarlar