Ibrahim Kalyn Russiýa-Ukraina söweşi barada beýanat berdi

Ibrahim Kalyn, sosial media hasabyndan beýanat berdi

1812030
Ibrahim Kalyn Russiýa-Ukraina söweşi barada beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly: "Türkiýe bu tankydy tapgyrda parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk we adalaty ýola goýmak üçin deňagramly pozisiýasyny gorar we köptaraplaýyn başlangyçlaryny dowam etdirer" diýip belledi. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukraina krizisiniň çuňlaşyp dowam edýändigini belläp: "Ikitaraplaýyn ýalňyşlyklar, täze güýç deňagramlylyk gözlegleri we gysga möhletli bähbitler, orta we uzak möhletde uly strategik ýitgilere we ynsanperwer dramalara sebäp bolar. Täze bir sowuk söweş zamanasyna girdik. Bu söweşiň täsiri onlarça ýyllap dowam eder. Azyk we energetika howpsuzlygyndan, geosyýasy dinamikalara we sebitleýin alýanslara çenli ähli ugurlarda täze deňagramlylyklar dörediler. Türkiýe bu tankydy tapgyrda parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk we adalaty ýola goýmak üçin deňagramly pozisiýasyny gorar we köptaraplaýyn başlangyçlaryny dowam etdirer" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar