Erdogan Şerifi Gutlady

Prezident R.T.Erdogan Pakistanyň täze Premýer-ministri Şahbaz Şerifi Gutlady.

1810780
Erdogan Şerifi Gutlady

Prezident Erdogan Şerif bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Pakistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda premýer-minstrlige saýlanmagy mynasybetli Şahbaz Şerifi gutlady.

Saýlawyň netijesiniň dost we dogan ýurt Pakistanyň halky üçin düşümli bolmagyny arzuw Eden Prezident Erdogan, Türkiýäniň düýpli taryhy, dostluk we doganlyk aragatnaşygy bolan Pakistandaky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny, Pakistanyň halkynyň başdan geçirýän ähli kynçylyklaryna hem-de bökdençliklerine garamazdan demokratiýadan we hukugyň rüstemliginden el çekmeýändigini ýene-de bir gezek görkezendigini beýan etdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Pakistana elinden gelen ähli goldawy mundan beýläk hem bermäge dowam etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar