Mewlüt Çawuşogly Latwiýanyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy

“Latwiýa bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklarymyzy ara alyp maslahatlaşdyk”

1741484
Mewlüt Çawuşogly Latwiýanyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy

NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Riga giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, maslahata ýer eýeçiligini edýän Latwiýanyň Daşary işler ministri Edgars Rinkewiç bilen duşuşdy.

Çawuşogly bilen Rinkewiç, NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministriniň maslahatynyň ikinji oturluşygyndan soň duşuşdy.

Çawuşogly duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Latwiýa bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklarymyzy ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.



Degişli Habarlar