Altun: "Žurnalistikanyň ýeke-täk maksady hakykat bolmalydyr" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, ýalanyň üstüne oturdylan žurnalistikanyň, demokratiýa uly zyýan ýetirýändigini mälim etdi

1666870
Altun: "Žurnalistikanyň ýeke-täk maksady hakykat bolmalydyr" diýdi

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen "Internet mediasy we žurnalistika seminary" internet mediasynyň wekilleriniň, pudagyň ýolbaşçylarynyň, döwlet guramalarynyň we uniserwitetleriň resmileriniň gatnaşmagynda geçirildi. 

Fahrettin Altun, seminaryň açylyşynda eden çykyşynda jemgyýetiň ýurtdaky we dünýädäki wakalar barada hakyky, dogry we ynamly habarlary okamagynyň berk demokratiýa üçin ýüz öwrülmesizdigini beýan etdi. 

Altun: "Hakykata esaslanýan žurnalistika demokratiýany güýçlendirýän bolsa, ýoýulan we ýalanyň üstünde gurulan ýalňyş žurnalistika demokratiýa uly zyýan ýetirýär" diýip aýan etdi. 

Türkiýä garşy milli we halkara derejede dezinformasiýa synanyşyklaryna garşy göreşde media organlarynyň wekilleriniň hem egnine uly jogapkärçiligiň düşýändigine ünsleri çeken Altun: "Käbir halkara media platformalarynyň we olaryň içeridäki şahalarynyň, erbet güntertibiň enjamy hökmünde ýurdumyza garşy propaganda synanyşyklaryna gynansagam şaýatlyk edýäris. Bu ýagdaý demokratiýamyza bolşy ýaly pudaga garşy düşünje we hünär taýdan uly mesele döredýär" diýip belledi. 

Žurnalistikanyň ýeke-täk maksady hakykat bolmalydygyny aýdan Altun: "Žurnalistler islendik ýerde hakykatyň wekilidikleri baradaky düşünje we duýgurlyk bilen wezipelerini ýerine ýetirmelidirler" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar