Türkiýäniň Prezidenti şu gün Belgiýa gider

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ertir geçiriljek NATO maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherine gider

1656895
Türkiýäniň Prezidenti şu gün Belgiýa gider

NATO agza ýurtlaryň liderleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirjek Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda, Latwiýanyň Prezidenti Egils Lewits, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Beýik Britaniýanyň Premýer minitsri Boris Jonson, Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer. 

Prezident Erdoganyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rýutte bilen hem duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.  

Duşuşyklaryň barşynda NATO alýansy bilen birlikde ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleriň maslahatlaşylmagyna garaşylýar. 

Erdogan-Baýden duşuşygy, Jo Baýdeniň ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlananyndan soň iki lideriň ikiçäk gepleşikler geçirjek ilkinji duşuşygy bolar. 

Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki türk wekiliýetiniň NATO maslahatyndaky ileri tutýan ugry, Türkiýäniň sebitindäki hadysalar bilen baglanşykly özygtyýarlylyk hukuklary we howpsuzlyk aladalaryna hormat goýulmagy bolar. Maslahatda Türkiýäniň bu ugurdaky tutanýerliligi bellenilip geçiler. 

Türkiýäniň alýansyň çäginde öz üstüne düşýän jogapkärçilikleri ýerine ýetirýän ýurtdygy aýratyn bellenilip geçilip, söhbetdeşlerine terrora garşy göreş we ynsanperwer krizis ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky tekliplerini orta atar. 



Degişli Habarlar