Çawuşogly, Mesrur Barzani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Mesrur Barzani Çawuşoglyna Yragyň Demirgazygynda Guralan Hüjüme Gynanç Bildirdi

1621607
Çawuşogly, Mesrur Barzani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Mesrur Barzani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Mesrur Barzani telefon söhbetdeşliginde Mewlüt Çawuşoglyna Erbilde we Başikada guralan hüjümler hakynda maglumat berdi we gynanç bildirdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hüjümler hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Başika harby bazasyna guralan hyýanatçylykly hüjümde şehit bolan gahryman esgerimize Alladan rehnet, hossarlaryna, egindeşlerine we eziz halkymyza duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.



Degişli Habarlar