"Müsüriň Halky Bize Garşy Durmaz"

“Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde karar kabul ediji pozisiýada. Men bu tapgyry kadaly geçmegi arzuw edýärin”

1602733
"Müsüriň Halky Bize Garşy Durmaz"

 

Prezident R.T.Erdogan Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy Milorad Dodik bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Erdogan Dodik bilen geçiren ikiçäk we toparara duşuşygyndan soň bilelikdäki metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Metbugat ýygnagynda žurnalistlerden biriniň “Türkiýe bilen Müsüriň arasynda diplomatik aragatnaşyklaryň başlan günlerinde Gündogar Ortaýer deňizinde nähili wakalar ýüze çykyp biler” diýlen soragyna jogap berdi.

Erdogan Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň ygrarlylygynyň dowam edýändigini, egilşik edilmejekdigini nygtap: “Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde karar kabul ediji pozisiýada. Men bu tapgyry kadaly geçmegi arzuw edýärin” diýdi.

Prezident Erdogan: “Müsür bilen bagly meselä gelenizde bolsa elbetde Müsüriň halkynyň bu hususda bize garşy durmagyna garaşmaýaryn. Müsüriň halky biziň bilen ylalaşar” diýdi.



Degişli Habarlar