Kalyn: "Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen täze sahypanyň açyljakdygyna ynanýarys" diýdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn: "ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen täze sahypanyň açyljakdygyna ynanýarys" diýip belledi

1581350
Kalyn: "Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen täze sahypanyň açyljakdygyna ynanýarys" diýdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, CNN International kanalynda Bekki Andersona Türk-Amerikan gatnaşyklary barada beýanat berdi.

Ibrahim Kalyn, Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky toparyň tejribeli hünärmenlerden ybaratdygyny we şol adamlaryň Türkiýäni tanaýandygyny habar berdi. 

Kalyn: "Esasan hem Siriýadan Yraga, Liwiýadan Kawkaza we Pars aýlagy ýurtlaryna çenli şu günki hadysalary göz öňüne tutup, Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň Türkiýäniň strategik ähmiýedini we gymmadyny, gatnaşyklaryň merkezine goýjakdygyna ynanýaryn. Olaryň hem Türkiýe bilen oňyn bir gatnaşyga taýardyklaryna ynanýaryn" diýip nygtady. 

"Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetden ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetden has gowy gatnaşyklara garaşýaňyzmy?" soraga jogap beren Ibrahim Kalyn, Trampyň Türkiýäniň dostudygyny we Türkiýäni dost hökmünde häsýetlendirendigini hemişe belläp geçendigini ýatlatdy. Kalyn: "Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen bagly bolsa, gatnaşyklarymyz özara hormat, umumy bähbit we ikitaraplaýyn özygtyýarlylygyň ykrar edilemgine esaslandygy saýyn aramyzda gowy gatnaşyklarymyzyň boljakdygyna ynanýarys" diýip mälim etdi. 

Jo Baýdeniň ozal Wise-prezident wezipesinde bolan mahaly 4 gezek Türkiýä gelendigini we şol tejribesinden Prezident hökmünde peýdalanjakdygyna ynanýandygyny aýdan Ibrahim Kalyn: "Hormatly Prezientimiz Patriot ýa-da NATO agza ýurtlardan başga bir howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmagy babatynda Türkiýäniň gepleşikler geçirmäge taýardygyny beýan etdi. Şony etmäge taýardyrys, doly hyzmatdaşlyga taýardyrys. Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen täze sahypanyň açyljakdygyna ynanýarys. Özi Türkiýäni we Prezidentimizi tanaýar" diýip belledi. 



Degişli Habarlar