Mustafa Şentop Türkiýe-Albaniýa gatnaşyklary barada beýanat berdi

Mustafa Şentop, Albaniýa guran saparynyň çäginde ýurdyň paýtagty Tirana şäherinde beýanat berdi

1577362
Mustafa Şentop Türkiýe-Albaniýa gatnaşyklary barada beýanat berdi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramanyň 6-7-nji ýanwar aralygynda Türkiýä guran saparynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaş derejesine ýetirilendigini mälim etdi. 

Mustafa Şentop, Albaniýa guran saparynyň çäginde ýurdyň paýtagty Tirana şäherinde beren beýanatynda, Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) Balkan ýurtlarynyň ençemesinde bolşy ýaly Albaniýada hem barlygyny dowam etdirýändigini belläp: "FETÖ-niň iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirmegine asla rugsat bermeris" diýip belledi. 

Mustafa Şentop, Albaniýayň Awlonýa şäherinde Türkiýäniň Baş konsullygynyň açylmagy üçin gerek bolan rugsatlaryň alynandygyny nygtap: "Nesip bolsa iň gysga wagtda işlemäge başlar. Şeýlelik bilen Albaniýanyň günortasynda syýahatçylygyň özgermegine goşant goşarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar