Mewlüt Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Çawuşogly Ortaýer deňiziniň gündogarynda Türkiýäniň bolmadyk bir ylalaşygyň güýjüniň ýokdygyny belledi

1428798
Mewlüt Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, telewideniýe gepleşikleriniň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi. 

Ministr Çawuşogly, Gündogar Ortaýer deňizindäki soňky hadysalar bilen baglanşykly, Türkiýäniň ol ýerdäki maksadynyň her tarap bilen hyzmatdaşlyk etmekdigini belläp, Kipriň grek böleginiň hem Kipriň töweregindäki baýlyklaryň deň paýlaşylmagy bilen baglanşykly DKTR bilen ylalaşmalydygyny belledi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Biz Gündogar Ortaýer deňizinde her tarap bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys, emma şu günki güne çenli Gresiýa, Müsür, Ysraýyl ýaly sebitdäki beýleki ýurtlar bizi gyra itip, öz aralarynda hyzmatdaşlyk etmäge girişdiler. Biz hem olara Türkiýäniň bolmadyk hiç bir ylalaşygyň güýjüni ýokdygyny aýdýardyk, Türkiýäniň bolmadyk hiç bir hyzmatdaşlygyň hem netijesiniň bolmajakdygyny belleýärdik. Muny bolsa eden göçümlerimiz bilen görkezdik. Gündogar Ortaýer deňizinde hyzmatdaşlyk etmek isleýän bolsaňyz bize geliň" diýip nygtady. 

Ministr Çawuşogly, Gresiýanyň Stambulyň zabt edilmeginiň 567-nji ýylynyň çäginde geçirilen çärelerde, Aýasofýada Fetih süresiniň okalmagyna beren reaksiýasyna: "Türkiýe Respublikasynda azanyň ýa-da Gurhanyň nirde okaljakdygyny biz başga birine sorarysmy?" diýip belledi. 

Türkiýä bu babatda maslahat berjek iň soňky ýurdyň Gresiýadygyny aýdan Çawuşogly, Ýewropada metjidi bolmadyk ýeketäk paýtagtyň Afiny şäheridigini aýtdy. 

Mewlüt Çawuşogly, Liwiýadaky soňky hadysalaryň hem üstünde durup geçip, ýurdyň gündogaryndaky bikanun ýaragly güýçleriň lideri Halife Hafteriň entegem syýasy çözgüde boýun bolmaýandygyny belläp, BAE, Müsür we Fransiýa ýaly ýurtlaryň Hafteri goldaýandygyny habar berdi. 

Hafteriň soňky günlerde hüjümlerini artdyrandygyny aýdan Çawuşogly, muny gören Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz as-Sarrajyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň, yzyna hüjüm edip Hafter güýçlerini yzyna serpikdirmäge başlandygyny we möhüm ýerleri ele geçirendigini mälim etdi. 

Çawuşogly: "Tripoliden Tunise çenli aralykdaky ýerleriň ele geçirilmegi, halkara howa menzilleriň ele geçirilmegi, howadan we gury ýerden öňe gidişlikleriň edilmegi Hafteriň bu söweşde rüstem gelip bilmejekdigini görkezýär" diýip ünsleri ýçekdi. 

ABŞ-da garaýagyz amerikaly Jorj Floýdyň polisiýa işgärleriniň eden-etdiligi netijesinde öldürilmegi bilen baglanşykly Çawuşogly: "Polisiýa işgärleriniň bir adamy, jyns, din, ynanç ýa-da başga bir sebäp bilen bolsun öldürmegi kabul edilip bilinjek bir hereket däl" diýip nygtady. 

Beýleki tarapdan bu jenaýatyň wandalizme öwrülmeginiň hem dogry bolmandygyny we örän howpludygyny bellän Çawuşogly: "Kim bolsa bolsun, diňe ABŞ däl, eýsem başga bir ýurtdada bu ýagdaýyň wandalizme öwrülmegini goldamaýarys, dogry hasap hem etmeýäris. Nesip bolsa iň gysga wagtda ýagdaýyň asudalyga gowuşjakdygyna ynanýarys. Bu ýerde sowukganlylyga çagyrýarys" diýdi. 



Degişli Habarlar