Türkiýedäki ispaniýalylar öz ýurtlaryna alynyp gidildi
Türkiýede kyn ýagdaýda galan Ispaniýanyň 7 raýaty, Türk howaýollar kärhanasyna degişli uçar bilen Barselona alynyp gidildi
Koronawirus epidemiýasy sebäpli Tüürkiýeden daşary ýurtlara guralýan uçar saparlarynyň bes edilmeginden soň, ýurtda kyn ýagdaýda galan daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlaryna ugradylmak etaby dowam edýär.
Şol çäkde, şu gün irden Stambul howa menziline gelen 7 ispan ýolagçy, howpsyzlyk gözegçiliginden geçenlerinden soň, terminale girdiler.
Bilet işleri tamamlanan ýolagçylar, pasport gözegçiliginden soň, howa menziliniň işgärleri tarapyndan uçara ugrukdyryldy.
Uçar, Ispaniýanyň Barselona şäherine Türkiýäniň wagty bilen sagat 13:15-de hereket etdi.
Barselona şäherine giden Türk howaýollaryna degişli uçar, şu gün agşam Ispaniýadaky türk raýatlary Türkiýä getirmek üçin yzyna gaýdar.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň prezidenti Ispaniyada saparda bolýar
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ispaniýada resmi saparda bolýar
1 Hepde-de 30 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 1181 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi