Prezident Erdogan Ispaniýanyň premýer ministri tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkiye-Ispaniýa 8-nji hökümetara sammitiniň çäginde baran Ispaniýada ýurduň premýer ministri Pedro Sançes tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

2152697
Prezident Erdogan Ispaniýanyň premýer ministri tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

Paýtagt Madrid şäherindäki Mokloa köşgündäki dabara Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Ispanýanyň premýer ministri Pedro Sançesiň ýerlerine geçmeginden soň iki ýurduň milli senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady. 

Prezident Erdogan ondan soň dabara toparyna salam berdi. 

Salamlaşyp metbugat işgärleriniň öňünde surata düşen Erdogan we Sançes, wekiliýetleri biri-birleri bilen tanyşdyrdylar. Dabaradan soň Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Ispanýanyň premýer ministri Pedro Sançes ikiçäk duşuşyk geçirdiler. 

Dabara Maşgala we sosial hyzmatlar ministri Mahinur Özdemir Göktaş, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek, Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly we Söwda ministri Ömer Bolat gatnaşdylar. 



Degişli Habarlar