Türkiyäniň prezidenti Ispaniyada saparda bolýar

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ispaniýada resmi saparda bolýar

2152732
Türkiyäniň prezidenti Ispaniyada saparda bolýar

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkiye-Ispaniýa Işewürler forumyna gatnaşdy, forumdan soň Ispaniýanyň premýer ministri Pedro Sançes bilen duşuşyk geçirdi. 

Ispaniýanyň premýer ministri Pedro Sançes Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogany paýtagt Madritdäki Monkloa köşgünde resmi dabara bilen garşylady. 

Rejep Taýýip Erdogan we Pedro Sançes ondan soň ikiçäk duşuşyk geçirdiler. 

Ondan soň toparara gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň ahyrynda Türkiye bilen Ispaniýanyň arasynda tapawutly ugurlar boýunça ylalaşyk resminalaryna gol çekildi. 

Gol çekilşik dabarasyndan soň Erdogan we Sançes umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Prezident Erdogan ispaniýanyň Palestinany ykrar etmek ugrunda kabul eden kararynyň örän möhümdigini beýan etdi. 

Erdogan: "Ispaniýanyň bu ädimi Palestinany entek ykrar etmedik beýleki ýurtlar üçin görelde bolar diýip umyt edýäris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar