Erdogan we Sançes Işewürler forumyna gatnaşdylar

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ysraýylyň Gazada ot açmazlyk bilen bagly çagyryşlara gan döküp jogap berýändigini, wyždana eýe bolan hiç bir ýurduň bular ýaly ýagdaýy kabul etmeginiň mümkin däldigini habar berdi

2152576
Erdogan we Sançes Işewürler forumyna gatnaşdylar

Türkiye-Ispaniýa 8-nji Hökümetara sammitiniň çäginde Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde Işewürler forumy geçirildi. 

Türkiyeden 150-ä golaý işewür adamy öz ugrundaky ispan kärdeşleri bilen duşuşdyran forumyň açylyşyna, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Ispaniýanyň premýer ministri Pedro Sançes gatnaşdylar. 

Ol ýerde çykyş eden Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygyna ýene-de bir gezek reaksiýa bildirdi. 

Prezident Erdogan: "Gazada ot açamzlyk bilen bagly çagyryşlara gan döküp jogap berýän sypa-sermeň bilen ýüz-ýüzediris. Wyždana eýe bolan hiç bir ýurt bular ýaly ýagdaýy kabul etmegi mümkin däl" diýip belledi. 

Ispaniýanyň Ysraýylyň wagşyçylygyna garşy alyp barýan pozisiýasyna ýokary baha berýändigini aýdan prezident Erdogan: "Hormatly Sançes ýörelgeli we öňdengörüjilikli syýasaty kabul edip, Palestinanyň we türk milletiniň ýüreginde ajaýyp orny eýeledi" diýip habar berdi. 

Erdogan Ispaniýa Gaza bilen bagly çemeleşmesi sebäpli minnetdarlyk bildirdi. 

Dostlukly we NATO ýarany Ispaniýa bilen ähli ugurlar boýunça ajaýyp gatnaşyklara eýediklerine ünsleri çeken prezident Erdogan: "Tapawutly pudaklardaky işlerimiz bilen täze hyzmatdaşlyklaryň öňüni açmalydyrys. Ýurdumyzy şular ýaly ýagdaýda geljege göterip bileris" diýip mälim etdi. 

Ispaniýanyň premýer ministri Pedro Sançes: "Türkiye Ispaniýa üçin tankydy ykdysady hyzmatdaş we sebitinde möhüm aktýor. Ispaniýa we Türkiye ähli ugurlarda iň ajaýyp gatnaşyklara eýe bolan 2 ýurt" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar