Grek esgerleriň od açmagy netijesinde bir adam ýogaldy

Ýewropa gitmek üçin Türkiýe-Gresiýa serhediniň arasyndaky ara zolakda garaşýan kadasyz bosgunlara grek esgerler tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 bosgun ýogaldy

1371876
Grek esgerleriň od açmagy netijesinde bir adam ýogaldy

Türkiýäniň Edirne welaýatynyň gubernatorlygy, Gresiýanyň polisiýa işgärleri we serhetçileri tarapyndan Gresiýanyň Kastanies gümrük geçelgesi bilen Türkiýäniň Pazarkule gümrük geçelgesiniň arasyndaky ara zolakdaky bosgunlara ses, gaz, bombalary, plastik we hakyky oklar ulanylyp, od açylandygyny habar berdi.

Edirne welaýatynyň gubernatorlygy, grek esgerleriň od açmagy netijesinde 1 bosgunyň ýogalandygyny, 5 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýaralanan adamlar tiz kömek ulaglary bilen hassahanalara alynyp gidildi.

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Gresiýanyň bosgunlaryň wagtlaýyn hemaýat bermek bilen bagly arzalaryny 1 aýyň dowamynda kabul etmejekdigi baradaky kararyny tankyt etdi.

Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Gresiýa bosgunlaryň wagtlaýyn hemaýat bermek bilen bagly arzalaryny 1 aýyň dowamynda kabul etmejekdigini habar berdi. BMG-nyň Bosgunlar ýokary komissarlygy tarapyndan şu gün berilen beýanata görä, 1951-nji ýyldaky Ženewa ylalaşygyna ýa-da ÝB Bosgunlar bilen bagly hukugyna görä bular ýaly karar kabul edilmez. Utandyryjy karar dolulygyna halkara hukuga bap gelmeýär” diýip belledi.

Beýleki tarapdan bolsa Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Türkiýeden çykan bosgunlaryň sanyny aýan etdi.

Süleýman Soýlu, Türkiýäniň wagty bilen sagat 09:00-a çenli Türkiýäniň territoriýasyndan Gresiýa geçen bosgunlaryň sanynyň 135 müň 844-e ýetendigini habar berdi.



Degişli Habarlar