Prezident Erdogan şu gün Ukraina gider

Prezident Erdogan, Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna gatnaşar

1351781
Prezident Erdogan şu gün Ukraina gider

 

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün Ukraina gider

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berlen beýanata görä, Prezident Erdogan bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň ýolbaşçylygynda degişli ministleriň gatnaşmagynda geçiriljek Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatynda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdoganyň resmi saparynyň çäginde Krym tatarlarynyň ýagdaýy meselesi hem gün tertibine getirler, Ukraina bilen Türkiýäniň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri seljerler.

Prezident Erdogan bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň Türkiýe-Ukraina işewürler maslahatyna gatnaşmagyna hem garaşylýar



Degişli Habarlar