Prezident Erdogan Malaýziýada saparda bolar

Maslahata Türkiýe we Malaýziýa bilen birlikde Katar, Eýran, Pakistan we Indoneziýa ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşarlar

1323553
Prezident Erdogan Malaýziýada saparda bolar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Malaýziýanyň Premýer ministri Mahathir Muhammediň çakylygyna laýyklykda 18-19-njy dekabr aralygynda geçiriljek we Yslam dünýäsiniň öňünde duran meseleleriň ele alynjak Kuala-Lumpur maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Malaýziýa gider.

“Garaşsyzlyk, galkynyş, gowy dolanşyk, medeniýet we şahsyýet, adalat we azatlyk” temasy bilen geçiriljek maslahatyň çäginde liderler şeýle hem, “Galkynyşyň esaslary we synaglar” temaly tegelek stol maslahatynda özara pikir alyşarlar.

Maslahata Türkiýe we Malaýziýa bilen birlikde Katar, Eýran, Pakistan we Indoneziýa ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşarlar. Erdoganyň Malaýziýanyň Şasy we Premýer ministri başda bolmak bilen maslahata gatnaşjak beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #sapar , #Malaýziýa , #Erdogan

Degişli Habarlar