Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Sçinas resmi sapar bilen Türkiýä geldiler

Prezident R.T. Erdogan, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Margaritis Sçinasy we İçeri işler komissary İlwa Ýohanssony kabul etdi

1319109
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Sçinas resmi sapar bilen Türkiýä geldiler
erdoğan.jpg

Margaritis Sçinasyň wekiliýetiniň düzüminde ÝB-nyň Türkiýe delegasiýasynyň başlygy Kristian Berger hem bar. 

Beýleki tarapdan Wise-prezident Fuat Oktaý hem, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Margaritis Sçinasy we ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi.

Prezidentiň kompleksindäki kabul edilşikde Fuat Oktaý, Margaritis Sçinasy täze wezipesi mynasybetli gutlady. 

Duşuşykda Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, Siriýaly bosgunlar, migrasiýa, terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk, Gündogar Ortaýer deňizindäki hadysalar barada pikir alyşyldy. 

Margaritis Sçinasyň wekiliýetiniň düzüminde ÝB-nyň Türkiýe delegasiýasynyň başlygy Kristian Berger we İçeri işler komissary İlwa Ýohansson hem bar. 

Beýleki tarapdan TBMM-nyň başlygynyň wekili Lewent Gök hem, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Margaritis Sçinasy we İçeri işler komissary İlwa Ýohansson bilen ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi. 

Strategik taýdan möhüm bolan Türkiýäniň 82 million ilaty bilen döwrebap medeniýetden ylham alýan, dünýewi bir Respublikadygyny aýdan Gök: "Türk halky we Türkiýedäki ähli syýasy partiýalar, ÝB bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär we Türkiýäniň ÝB-e doly agza bolmagyny isleýär" diýip belledi. 

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Margaritis Sçinas wezipesine täze başlandygyny, ilkinji resmi saparyny Türkiýä guramagynyň hem tötänlik däldigini belledi. 

Margaritis Sçinas: "Bu, size bosgun bilen baglanşykly meseleleriň hötdesinden gelmek üçin edýän işleriňiz we biziň hem goldawlarymyz bilen 4 milliondan gowrak bosguna ýer eýeçilik etmek bilen bagly işleriňiz üçin minnetdarlyk bildirmek isleýändigimizi görkezýän bir sapar" diýip habar berdi. 

Margaritis Sçinas, duşuşyklarda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň nähili dowam etdiriljekdigi barada pikir alyşjakdyklaryny aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Margaritis Sçinas, Türkiýäniň Milli agentligine hem baryp gördi. 

Daşary işler ministriniň orunbasary we Türkiýäniň ÝB boýunça işleriniň başlygy ilçi Faruk Kaýmakjy we Margaritis Sçinas, Türkiýäniň Milli agentliginde duşuşyk geçirdiler. 

 



Degişli Habarlar