Soýlu: “Terror guramasy DAIŞ-iň kamikaze hüjümlerinden jogapkär ýolbaşçysy Siriýada tussag edildi”

Türkiýýäniň Howpsyzlyk güýçleri, terror guramasy DAIŞ-iň kamikaze hüjümlerinden jogapkär ýolbaşçysyny Siriýanyň Azez şäherinde tussag etdi

1310708
Soýlu: “Terror guramasy DAIŞ-iň kamikaze hüjümlerinden jogapkär ýolbaşçysy Siriýada tussag edildi”

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, tussag edilen terrorçynyň El Nasyr Ubeýde adyny ulanýan Ýusuf Hubadygyny mälim etdi.

Operasiýa barada jikme-jik ýagdaýda beýanat beren Soýlu, Ýusuf Hubanyň bütin dünýäde internediň üsti bilen kamikaze hüjümler barada tälim berýän terrorçydygyny habar berdi.

Süleýman Soýlu: “Siriýanyň Azez şäherinde tussag edilen terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçylaryndan Ebu Jihad el din Nasyr Ubeýde adyny ulanýan Ýusuf Huba, guramanyň täsirli adamlarynyň biridi. Bomba ýasamak babatynda tälim berýän bir adamdy. Russiýada 2018-nji ýyldaky bombaly hüjümi, Germaniýanyň Gamburg şäherinde söwda merkezinde hüjümi meýilleşdiren, buýrugyny beren bu adam, terror guramasy DAIŞ-yň bütin dünýädäki agzalaryna bombaly ulag taýarlamak, kamikaze hüjümçisini taýarlamak, zäher bilen adamyň janyny kast etmek ýaly ugurlar boýunça tälim beren biri” diýip habar berdi.

Ministr Soýlu, terrorçynyň Siriýada soraga çekilendigini we soraga çekilmek işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar