“S-400 şu gün Türkiýä getirilmäge başlýanar”

Bu barada Milli goranmak ministrliginiň beýannamasynda habar berildi

1234593
“S-400 şu gün Türkiýä getirilmäge başlýanar”

Milli goranmak ministrligi S-400 Uzak aralykly sebitleýin howa we raketa goranyş ulgamynyň birinji tapgyr enjamlarynyň şu gün Mürted howa meýdanyna getirilmäge başlanýandygyny beýan etdi.

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannamada Türkiýäniň howa we raketa goranyş isleginiň kanagatlandyrylmagy üçin S-400 Uzak aralykly sebitleýin howa we raketa goranyş ulgamynyň alynmagy baradaky şertnama 2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde gol çekişilendigi ýatladylýar.

Beýannamada: “Şertnama laýyklykda S-400 Uzak aralykly sebitleýin howa we raketa goranyş ulgamynyň birinji tapgyr enjamlarynyň Mürted howa meýdanyna/Ankara getirilmegine 2019-njy ýylyň 12-nji iýulynda başlandy” diýilýär.



Degişli Habarlar