Mewlüt Çawuşogly, Aziz Sanjar bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çauşogly, ABŞ-e guran saparynyň çäginde baran Demirgazyk Karolina ştatyna baryp, ol ýerde Nobel sylagyna laýyk görülen türk alym Aziz Sanjar bilen duşuşdy

1178432
Mewlüt Çawuşogly, Aziz Sanjar bilen duşuşdy

Nýu-Ýork, Waşington we Maýami şäherlerine sapar guran Daşary işler ministri Mewlüt Çauşogly, ýurdyň Demirgazyk Karolina ştatyna hem bardy.

Ol ýerde Nobel sylagyna laýyk görülen türk alym Aziz Sanjar we aýaly Gewn Sanjar bilen duşuşan Çawuşogly, Sanjar bilen ylmy işleri we uniwersitetdäki işleýşi bilen bagly söhbet etdi.

Demirgazyk Karolina uniwersitetinde Sanjaryň işleýän laboratoriýasyna baran Çawuşogly, uniwersitetdäki talyplar bilen söhbetdeş boldy we şol golaýda gysga wagt ozal açylan Sanjar gaznasyna degişli Türk öýi barada maglumat aldy.

Ondan soň ministr Çawuşogly, Demirgazyk Karolina ştatynda bilim alýan türk we amerikan talyplar we türk raýatlar bilen duşuşdy.

Ol ýerde gysga wagt çykyş eden Çawuşogly: “Bu ýere gelmegimiziň maksady türk milletiniň we türk dünýäsiniň buýsanjy Aziz Sanjary görmekdi. Bu gün şol hormada eýe boldyk. Aziz mugallymyzyň gelen ýerini ýatdan çykarmaýan we gelen ýerindäki gymmatlyklary hiç wagt unutmaýan örän hormatlanýan ýaşulymyzdyr” diýdi.

Üstünlikleri sebäpli ýene-de bir gezek Sanjary gutlan Çawuşogly, Sanjaryň ençeme türk we beýleki milletleriň talyplaryna ylham çeşmesi bolandygyny nygtady.



Degişli Habarlar