"Türkiýe kürtlere garşy däl, eýsem howpsyzlygyna wehim salýan terror guramalaryna garşy göreşýär"

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söbetdeşlik geçirdi.

1125621
"Türkiýe kürtlere garşy däl, eýsem howpsyzlygyna wehim salýan terror guramalaryna garşy göreşýär"

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Donald Trampa Türkiýäniň kürtlere garşy däl, eýsem howpsyzlygyna wehim salýan terror guramalaryna garşy göreşýändigini aýtdy.

Donald Trampa Siriýadan çekilmek kararyna hoşallyk bildirýändiklerini aýdandygyny bellän Erdogan, şol çäkde Türkiýe hökmüünde NATO agza hyzmatdaşy ABŞ-na ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardyklaryny ýatlatdy.

Telefon söhbetdeşligi barada berlen beýanatda , iki lideriň özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar barada pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýanata görä,  iki lider mundan başgada sebitde awtoritar boşlygyň emele gelmezligi üçin Manbij iş meýilnamasynyň tamamlanmagy, Amerikanyň esgerleriniň Siriýadan çekilmegi baradaky kararynyň durmuşa geçirilmeginiň öňüni almak isleýänlere pursadyň berilmezliginiň ähmiýetini nygtady.

Erdogan bilen Trampyň Siriýanyň territorial bitewiligine laýyklykda ýurduň demirgazygynda terrordan saplanan howpsyz zolagyň döredilmegi barada hem pikir alyşandygy bellenildi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň kürtler bilen hiç hili kynçylygynyň ýokdygyny, maksadyň milli howpsyzlygyna wehim salýan terror guramalary DAIŞ-e, PKK-a we PKK-nyň Siriýadaky bölümlerine garşy göreşmekdigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň düýn beren Siriýadaky kürtlere operasiýa guralan halatynda Türkiýäniň ykdysadyýetine uly zarba urarys diýen beýanatynda uly garşylyk görkezilipdi.

Iki lideriň telefon söhbetdeşliginde ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatynda ylalaşyk gazanandygy nygtaldy



Degişli Habarlar