“Kaşykçy jenaýaty ýokary derejeli görkezme bilen edildi”

Ömer Çelik partiýasynyň merkezi ýerine ýetirijiler geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi

1079282
“Kaşykçy jenaýaty ýokary derejeli görkezme bilen edildi”

 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatynyň ýokary derejeli görkezme bilen edilendigini aýtdy.

Ömer Çelik partiýasynyň merkezi ýerine ýetirijiler geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

Ömer Çelik 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Başkonsullyga girenden soň öldürlendigi ýüze çykan Kaşykçy jenaýaty barada “Jesediň nirededigini bilmek isleýäris, ýerli hyzmatdaşynyň kimdigini öwrenmek isleýäris” diýdi.

Çelik “Ýokary derejeli görkezme bolmasa beýle jenaýat edilip bilinmez” diýip belledi.

“Hiç kime töhmet atyp bilmeris” diýen Çelik emma wakanyň üstüniň basylyp ýatyrylmagyna hem rugsat bermejekdiklerini aýratyn belledi.

 

 



Degişli Habarlar