Terrora garşy tutanýerli göreş dowam edýär

Terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde geçirlen operasiýalarda soňky bir hepde-de ikisi guramanyň lideri bolmak bilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza jemi 68 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi

1063327
Terrora garşy tutanýerli göreş dowam edýär

Baş ştab  terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-iň başda durmagynda terror guramalaryna garşy soňky bir hepde-de ýurduň içinde we serhetaşa geçirlen operasiýalar barada maglumat berdi.

Baş ştabdan berlen maglumata görä, sentýabr aýynyň 28-i bilen oktýabr aýynyň 4-i aralygynda terror guramasy PKK/KJK-a garşy Şyrnak, Siirt, Diýarbakyr, Agry welaýatlarynda we Yragyň demirgazygynda guralan ululy-kiçili operasiýalarda 12-si ýurduň içinde 56-si serhetaşa bolmak bilen jemi 68 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň arasynda guramanyň iki ýolbaşçysynyň bardygy nygtalýar.

Operasiýalarda köp sanly ýarag bilen ok-däri ele geçirildi.

Operasiýalarda 9 esger şehit boldy, 9 esger hem ýaralandy.

 

 

 

 


Etiketkalar: #Baş Ştab , #operasiýa

Degişli Habarlar