Möhletinden irki saýlawlaryň 24-nji iýunda geçirilmegi baradaky karar Resmi gazetde çap edildi

386 halk deputaty saýlawlaryň 24-nji iýunda geçirilmegi üçin “kabul” sesini berdi

956102
Möhletinden irki saýlawlaryň 24-nji iýunda geçirilmegi baradaky karar Resmi gazetde çap edildi

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Prezident saýlawy bilen umumy saýlawlaryň 24-nji iýunda geçirilmegi baradaky karary Resmi gazetde çap edildi.

Resmi gazetdäki kararda “TBMM-niň  baş Assambleýasynyň şu gün geçirlen 89-njy oturluşygynda TBMM-niň umumy saýlawlaryň 24-nji iýunda ýekşenbe güni geçirilmegi barada karar kabul edildi” diýildi.

TBMM-niň Baş Assambleýasynda düýn geçirlen oturluşda syýasy partiýalaryň we hökümetiň adyndan edilen çykyşlardan soň geçirlen sese goýulşykda 386 halk deputaty saýlawlaryň 24-nji iýunda geçirilmegi üçin “kabul” sesini berdi.

 



Degişli Habarlar