Çawuşogly rus halkyna ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýada söwda merkezinde bolan ýangynda ýogalanlar üçin rus halkyna gynanç bildirdi

937405
Çawuşogly rus halkyna ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Mewlüt Çawuşogly Twitter arkaly beren beýanatynda Russiýanyň Kemerowo şäherinde bolan ýangynda köp sanly adamyň ýogalmagyna gynanç bildirýändigini mälim etdi.

Çawuşogly “Rus halkyna we döwletine gynanç bildirýärin, ýangynda ýogalanlaryň hossarlaryna sabyr dileýärin” diýdi.

Russiýanyň Kemerowo şäherindäki söwda merkeziniň kinoteatryň we çagalaryň oýun meýdanynyň ýerleşýän ýeri bolan ýokarky gatdaky ýangynda 52 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar