Aýralykçy terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde Türkiýäniň serhet birikmelerine garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanan aýralykçy terror guramasyna agza 8 terrorçy howa hüjümleri arkaly öldürildi

840233
Aýralykçy terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri terrora garşy göreşiň çäginde düýn geçirilen operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Şoňa laýyklykda Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde dowam edýän operasiýalarda elde ýasalan 11 sany partlaýjy ýerinde ýok edildi.

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda gözegçilik uçuşyny ýerine ýetirýän uçarmansyz howa ulaglar aýralykçy terror guramasyna agza ýaragly terrorçylar anyklady. Terrorçylar toplar arkaly täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hataý welaýatynyň Kyrykhan etrabynda Siriýadan Türkiýä bikanun ýollar bilen geçmäge synanyşan PÝD/PKK-a agza 3 terrorçy tussag edildi.

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde Türkiýäniň serhet birikmelerine garşy hüjüm etmek üçin taýarlyk görýändigi anyklanan aýralykçy terror guramasyna agza 8 terrorçy howa hüjümleri arkaly öldürildi.

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýäniň Baş Ştaby 26-njy oktýabr-2-nji noýabr aralygynda aýralykçy terror guramasyna garşy operasiýalarda guramanyň sebitleýin 4 lideri bolmak bilen jemi 66 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar