Şyrnakda 1 polis gullukçysy şehit boldy

Çaknyşykda 3 howpsyzlyk işgäri ýeňil ýaralandy

738789
Şyrnakda 1 polis gullukçysy şehit boldy

Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynyň Kato dagy etrapçasynda terror guramasy PKK-a garşy operasiýa guraldy.

Operasiýada 1 polis gullukçysy şehit boldy, 2-i hem ýaralandy.

Ýaralanan polis gullukçylary Şyrnak hassahanasynda bejergi alýar.

Tunjeliniň Çiçekli obasyna guralan operasiýada bolsa howpsyzlyk güýçleri bilen aýralykçy terror guramasy PKK-nyň arasynda çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda 3 howpsyzlyk işgäri ýeňil ýaralandy.

Ýaralanan esgerler Tunjeli hassahanasynda bejergi alýar.

 



Degişli Habarlar